-
اشعار انتخابی مأتأجی Mätäjiniň saýlanan goşgulary
دوشنبه 22 مرداد 1403 14:46
Mätäji – Goşgular Türkmen Sähra Kitaphanasy blog-a geçirildi. Doktor Wahab Hajisardaryň gözegçiligi astynda. Mazmuny Mätäji مأتأجی Dişleriňe Ýazyrhanyň gyzy Bilen barmy ? Saçyň Bozan barmy? Zülpüň seniň Aýdyşyk Bugdaý Getirer Är biläni Har bolsa Diýmek olmaz Ýol biläni Bähm eder Aýdyşyk Mährim alan ýar Meňzär bagyň...
-
Elden gider
یکشنبه 21 مرداد 1403 22:26
Elden gider Namyradam, nädeýin men, namys-ar elden gider, Nury-didäm, nukta hallar, zülpi tar elden gider; Aýyp kylmaň, eý ýaranlar, namydar elden gider, Gözlerimniň röwşeni, bikarar elden gider. Serimni söwdaga salgan serwime arzym aýdaýyn, Semender deý sargaryp, ataş şerabyn dadaýyn, Dostlarym, deň-duşlarym duşman...
-
Gözel
یکشنبه 21 مرداد 1403 22:20
Gözel Gel, köňlümiz açylsyn, baga baraly, gözel, Çyg düşen çemenleri ýygyp düýreli, gözel, Ýokarsyndan aýylan, gaşy garaly, gözel, Daşdan gören bir diýsin, golaý ýöräli, gözel, Dünýä bäş gündür, öter, dowran süräli, gözel. Bilgeşleýin gelip men meýhanadan içmäge, Içensoň içe sygman, durdum depder açmaga, Wähm eder men...
-
Dilber
یکشنبه 21 مرداد 1403 22:17
Dilber Serim saňa sadaga, sallangyn bäri, dilber, Göwsüň küwhi-Bulgurnyň, gümanym, gary, dilber, Didaryňa muştak men, derdime däri, dilber, Täze ýylyň nowruzy, pasly-bahary, dilber, Täze açylgan nowgül sen, men hyrydary, dilber. Danyşsak hylwat ýerde, dilleriň ne ajaýyp, Zenehdana dökülgen telleriň ne ajaýyp, Guçsam...
-
Aýperi
یکشنبه 21 مرداد 1403 22:09
Aýperi Sebäp bilen sataşdyň, saldyň nazar, Aýperi, Gamzaň oky ýetişdi, berdiň azar, Aýperi, Bu jismim köýüp-bişdi, müjgäniň bagrym deşdi, Bu gün üstüňden düşdi biziň güzer, Aýperi. Gähi-gähi sallanyp, biziň sary ýörer sen, Şitdeýi-şemle guşak inçe bile orar sen, Asal kimin-garylyp, rowgan kimin erär sen, Istegenim...
-
Är dörär
یکشنبه 21 مرداد 1403 22:04
Är dörär Il azanda töre çykar pes ýerden, Halk içinden bir bidöwlet är dörär; Doňuz depä çykar, garsak gurt alar, Kelpeseler heserlenip, mar dörär. Gaplaň ýoldan çykar, tilki il gezer, Pişik adam iýip, syçan ýol bozar, Garga bilbil bolup, bagdan gül üzer, Bilbiller gül tapmaz, tiken-har dörär. Şagal şir balasy bilen...
-
Gerekdir
یکشنبه 21 مرداد 1403 19:43
Gerekdir Ata çykan aňly bolsa her ýoldan, Berimli, pähimli hany gerekdir; Ýaranlar ýörise sagyndan-soldan, Görogly beg kimin syny gerekdir. Ýow ýolugyp, ýowuz myltyk atylsa, Kimi ölüp, kimseleri tutulsa, Gylyç syryp, bir-birewge gatylsa, Jöwher kulah, demir dony gerekdir. Meýdan era jeňňi-maglub gaýrylsa, Agdarlyşyp,...
-
Onda bar
یکشنبه 21 مرداد 1403 19:29
Onda bar Ýaşyl öwsüp ala dagyň degresi, Aýlanyp çykmaly ýollar onda bar: Geýinip çykarlar mahmal, begresi, Şeýle şahandazly iller onda bar. Gaýalary ýalkym atar her çende, Ýakymly şemallar öwser her günde, Atylan ok ýaly barar her kanda, Çaparman, gyl boýun mallar onda bar. Dag başyndan şaglap geler çeşmesi, Görmedige...
-
Gara göz gelin
یکشنبه 21 مرداد 1403 19:27
Gara göz gelin Tomaşa eýläp toýlarda görenler ýagşy diýdi, Ýylgyrşyň janym aldy, gözle, gara göz gelin; Zer-ziwerden bahaly, simu-zerden don geýseň, Şehdi-şeker dillerden, sözle, gara göz gelin. Özge gyzdan-gelinden zyýat görner gözüme, A gyz, derdiňden öldüm, indi ynan sözüme, Ähtiýajym ýok senden, haýa gelmez...
-
Hoş olsun
یکشنبه 21 مرداد 1403 19:25
Hoş olsun Ýa ýaradan, bir dilegim bar senden, Mustajap et dogam, wagtym hoş olsun. Istedigim hüýr gylykly ýar senden, Badam gabak bilen gyýma gaş olsun. Saçy sala gulaç, garynja billi, Jamasy päkize, zülpi saýhally, Daýaly, edepli hem süýji dilli, Lebi ýaraşykly, hünji diş olsun. Oglanlykdan ýaňy saýlanan gözel,...
-
Menek-menek hallara
یکشنبه 21 مرداد 1403 19:21
Menek-menek hallara Näzli gelin, bir bäriňi gözlegil, Guwanaýyn menek-menek hallara; Ak göwsüňde alma-nary gizlegil, Bildirmesin barganyňda ýellere. Kä daşyma märäkeler üýşürdim, Gähi mes dek akyl-huşum çaşyrdym, Ýaşlygymdan her dükana baş urdum, Irgezinden düşdüm şeýle ýollara. Ger arzuw eýleseň, umman ýabyny, Göz...
-
? Kim geler
یکشنبه 21 مرداد 1403 19:17
Kim geler? Ala gözlim, aýlanaýyn gaşyňa, Golaýyma sen gelmeseň, kim geler? Diýme syryň deňiň bilen duşuňa, Golaýyma sen gelmeseň, kim geler? Senem sypatly sen, Garybyň ýary, Bagyşlagyl bakjaňdaky enary, Kereşmedir aşyklaryň hünäri, Golaýyma sen gelmeseň, kim geler? Bäriňi gözlegil, perizat hüýli, Duşumdan ötmegil,...
-
Mämeleriň
یکشنبه 21 مرداد 1403 19:04
Mämeleriň Sebäp bilen dahyl oldy güzerim, Aklym haýran etdi şol mämeleriň. Namyradam, neteý düşdi nazarym, Üsti altyn-kümüş, pul mämeleriň. Men Mejnunam, Leýli saçyň barmydyr, Jan kastyna owsun uran marmydyr, Bilmen pudakdaky goşa narmydyr, Bir-birine ogşar ol mämeleriň. Bir eser ýetişdi, düşdüm düzlere, Mübärek...
-
Gyzyň
یکشنبه 21 مرداد 1403 18:58
Gyzyň Bir bölek näzenin şeýle çykypdyr, Gitdi gözüm belli birine gyzyň. Syýa zülpün zenehdana döküpdir, Baglanypdyr boýnum taryna gyzyň. Gerdeni gyzylly tumardyr, bentdir, Ýuka dodaklary nabatdyr, gantdyr, Byradarlar, biliň şoňa manenddir — Synasy daglaryň garyna gyzyň. Aýny bir ahudyr sogup ýörände, Jahyl-jümri...
-
Yrakda durma
یکشنبه 21 مرداد 1403 18:55
Yrakda durma Näzli dilber, bir dilegim bar saňa, Aýdaýyn arzymny, yrakda durma, Niçe wagtdan bäri boldum zar saňa, Köýüňde köýüp men, köňlümni burma. Aşyk owal çeker jebri-jepany, Ahyrynda görer mähri-wepany, Gutarmagyl gelgen zowky-sapany, Bikar gezip, ömrüň ýele sowurma. Arzuw eýlär eşdip, görmedik adam, Sen Şiringe...
-
Meňzär bagyň gülüne
یکشنبه 21 مرداد 1403 18:53
Meňzär bagyň gülüne Byradarlar, bu gün bir gözel gördüm, Zenehdany meňzär bagyň gülüne. Görgejin köp boldy ah bilen derdim, Aralaşdym aşyklaryň ýoluna. Gümanymdyr bag Eremniň perisi, Aýdylmaz waspynyň müňden birisi, Eý ýaranlar, sözlerimniň dürüsi, Haýyp güftar olmaz, şirin diline. Sagd-u, Seýpelmelek deňizde akar,...
-
Mährim alan ýar
یکشنبه 21 مرداد 1403 18:08
Mährim alan ýar Niçe ýyldan bäri çekdim jepaňy, Oglanlykda sensiň mährim alan ýar, Anjaýyn görmedim ähdi-wepaňy, Bir wesile bilen ýagy bolan ýar. Görsem, gamzaň bilen janym ýakar sen, Göwün hyşdyn azdan-azdan ýykar sen, Binurbat sen gazap, ganym döker sen, Synam üzre tygsyz ýara salan ýar. Mahal-mahal hyruç edip...
-
Aýdyşyk
یکشنبه 21 مرداد 1403 18:05
Aýdyşyk Aman han: Arap aty aran ýigit, Dogry gelgin, dogry gelgin; Jezirede duran ýigit, Dogry gelgin, dogry gelgin. Söýeg batyr: Kadyr allany çagyryp, Ýalňyz düşdüm düze bu gün; Meger kellämi alsaňyz, Nurbat diýmen, size bu gün. Aman han: Aldyňdan gaýa daýalar, Ýeňsäňden naýza söýeler, Paltaryň gana boýalar, Dogry...
-
Bähm eder
یکشنبه 21 مرداد 1403 18:02
Bähm eder Tohumny topraga garsaň, Özünden kän bähm eder; Munda degerne mal berseň, Birine on bähim eder. Mesgeniň bolsa her ýerde, Işiň düşmesin namarda, Eger sataşsaň jomarda, Aş bilen nan bähm eder. Dogar, batar günler, aýlar, Gury ýerde ajap jaýlar, Nije halal iýen baýlar Haýry-yhsan bähim eder. Nämährem sary baksa...
-
Ýol biläni
یکشنبه 21 مرداد 1403 17:58
Ýol biläni Eýesini tapar bir gün, Dogry giden ýol biläni; Jany — dil bilen ýapyşsa, Aglap kyly-kal biläni. Hyruç edip, öýden ýörse. Nebs uzalar, dag erise, Çyn muhannes duşman görse, — Içi dolar ýel biläni. Sözlese aňdyr nedamyndan, Kinesi çykmaz damyndan, Gaç, garry duşman ýanyndan, Tora salar al biläni. Mätäji bir...
-
Diýmek olmaz
یکشنبه 21 مرداد 1403 17:42
Diýmek olmaz Eý ýaranlar, halaýyklar, Diýmek olmaz, diýmek olmaz; Özi bilmez näkes bile Duz bile nan iýmek olmaz. Görüň ýigidiň özüni, Bihuda sözler sözüni, Almawer näkes gyzyny, Her çoryny söýmek olmaz. Bal diýen — bal ýerin tutmaz, Her kim öz kössün unutmaz, Her tikende bir gül bitmez, Her kesi beg saýmak olmaz....
-
Har bolsa
یکشنبه 21 مرداد 1403 17:00
Har bolsa Ribahora boýun eger Dünýäde ýigit har bolsa: Başyna müň pikir ýagar. Garyp düşüp, borçdar bolsa. Eger zybandan dür saçar, Duşman dürli aýbyn açar, Deň-duşy görünmez, gaçar, Aş bilen suwga zar bolsa. Är ýagşysy arza geler, Hyzmatynda ýüwrüp-eler, Begzadalar bende bolar, Golunda närse bar bolsa. Ýas ýerinde...
-
Är biläni
یکشنبه 21 مرداد 1403 16:53
Är biläni Daýyma müşgül kuşatdyr, Işiň düşse är biläni; Mydam ömrüň hoş geçirgin, Gadryň bilen ýar biläni, Aždar kimin owsun ursa, Ganym garşysynda dursa, Ar üçin çapyp, jan berse, Gabry dolar nur biläni. Magrupdan maşrykga gelse, Başyn ýüz gowgaga salsa, Ýigidiň ryzky kem bolsa, Alabilmez zor biläni. Her kim...
-
Getirer
یکشنبه 21 مرداد 1403 16:50
Getirer Goýun bolsa uşak malyň, Bahar, güýzde ýüň getirer; Ýagşy baksaň, ýagşy malyň, Peýdasyna deň getirer. Azandyr işan-hojasy, Gyzyny azdyr ejesi, Ýanna birniçesi barsaň, Hiç geplemez, güň getirer. Ýanaşmagyn dek otura, Duşarsyň bela-betere, Gyz berseň bozuk hatara, Obasyna jeň getirer. Aýak ile baş bolanda,...
-
Bugdaý
یکشنبه 21 مرداد 1403 16:48
Bugdaý Reň açar hoş saýaly, Seniň ysyň hoşdan, bugdaý; Ekip emele getiren Kimdir seni başdan, bugdaý? Ujallap peliň başyna, Tohum goýbermän daşyna, Berk tutup, ýaby goşuna Günde ekdim üçden, bugdaý. Daş ýanyndan malyn güýdüp, Gatnawyň kän gelip-gidip, Elmydam enjamyň edip, Suw berer men keşden, bugdaý. Ýatma...
-
Aýdyşyk
یکشنبه 21 مرداد 1403 16:45
Aýdyşyk Gelin: Öten-geçenden wehm eýle, Gözleme, oglan, gözleme; Şirin janyňa rehm eýle, Gözleme, oglan, gözleme. Ýigit: Men bu sözlere bakmaryn, Gözlärin,gelin, gözlärin; Hiç bir kimseden gorkmaryn, Gözlärin, gelin, gözlärin. Gelin: Meň bilen bolmasyn işiň, Sadapdan paç alar dişim, Ganyňy döker gardaşym, Gözleme,...
-
Zülpüň seniň
یکشنبه 21 مرداد 1403 16:41
Zülpüň seniň Aldymdan aý dek peri, Çykar gara zülpüň seniň. Aýnynda yşkyň hanjary, Kakar gara zülpüň seniň. Dendany dür, lebi hurma, Ýene duman geldi serme, Ala göze gara sürme Çeker, gara zülpüň seniň. Bilmenem humaýmy, laçyn, Ogryn gözlär göwnüm üçin, Ör boýundan ören saçyň, Döker gara zülpuň seniň. Ger geçseň golaý...
-
? Bozan barmy
یکشنبه 21 مرداد 1403 16:37
Bozan barmy? Habar beriň, eý ýaranlar, Ýazylany bozan barmy? Söwdüginden aýrylanlar, Pyrkatyna dözen barmy? Aşyklar gaçmaz adyndan, Ýatmaz iller perýadyndan, Perhat kimin yşk odundan Gara dagy gazan barmy? Gähi-gähi gaýnap joşup, Kaknus kibi köýüp-bişip, Ýary bilen başyn goşup, Hemdem bolup gezen barmy? Altmyşdan...
-
Saçyň
یکشنبه 21 مرداد 1403 15:27
Saçyň Mübärek jemalyň gördüm, Huşum aldy belli saçyň; Görgejin bitakat erdim, Älhepus, saýhally saçyň. Eşiden görmäge zardyr. Köýüňde köýgen bimardyr, Sala gulaç boýy bardyr, Dört barmakdan inli saçyň. Oýanyp gijäniň ýary, Eşit meniň ahy-zary, Pakyr-bende hyrydary Ger berilse pully saçyň. Her tary zilden çekilen,...
-
? Bilen barmy
یکشنبه 21 مرداد 1403 15:22
Bilen barmy? Eý ýaranlar, halaýyklar, Bu derdimden bilen barmy? Yşkyň ody ýaman janlar, Garyp köňlüm alan barmy? Ir düşüpdir gyşyň, ýazyň, Sonaly ördekli gazyň, Hally bilen Aman gyzyň Obasyndan gelen barmy? Ak ýüzünde haly kiçi, Syýadan garadyr saçy, Şu oturan uly-kiçi, Bu sözümde ýalan barmy? Jerenim awlatdym düzden,...