مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr
مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr

Aýperi

Aýperi

Sebäp bilen sataşdyň, saldyň nazar, Aýperi,

Gamzaň oky ýetişdi, berdiň azar, Aýperi,

Bu jismim köýüp-bişdi, müjgäniň bagrym deşdi,

Bu gün üstüňden düşdi biziň güzer, Aýperi.


Gähi-gähi sallanyp, biziň sary ýörer sen,

Şitdeýi-şemle guşak inçe bile orar sen,

Asal kimin-garylyp, rowgan kimin erär sen,

Istegenim sende bar, dürli bazar, Aýperi.


Perwana dek pyrlanyp, çyragyňa muştakam,

Eswetil-aýn içinde garagyňa muştakam,

Şirmaýydan ýasalan daragyňa muştakam,

Ertir-agşam sypasam, zülpüň uzar, Aýperi.


Säher senaga dursa, tüketmez bilbil dilni,

Sen bolmasaň neýlär men açylgan bagyň gülni,

Adyňy aýdabilmen, özüň amanşa gelni,

Aýralyga bu janym niçik dözer, Aýperi.


Bu hünäre baş goşan şamu-säher oturmaz,

Girer-çykar zowzuldar, belli bir iş bitirmez,

Ugursyz öýke edip, ýol suduryn ýitirmez,

Karkarasyn ykjydyp, özün bezär, Aýperi.


Baglarda ýok iýmişler seniň goýnuňda bitse,

Bir köýnekde jaý bolsak, burçak-burçak der gitse,


Zerdaly saýasynda Mätäji taryp etse,

Galam alyp goluna, kätip ýazar, Aýperi.


Türkmen şahyry: Mätäji مأتأجی