مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr
مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr

مأتأجی Mätäji

Mätäji – Goşgular


Türkmen Sähra  Kitaphanasy blog-a  geçirildi.

Doktor Wahab Hajisardaryň gözegçiligi astynda.


Mätäji «TURAN»

Aşgabat, 1991


Kitapça türkmen klassygy Annagylyç Mätäjiniň

goşgulary girizildi.

«Ýedigen» kitaphanajygy – Aşgabat, «Turan»

neşirýaty, 1991.

«ÝEDIGEN» kitaphanajygy

TSSR-iň halk ýazyjysy Gurbandurdy Gurbansähedowyň redaksiýasy bilen.

Redaktor-düzüji: Tejen Nepesow.

Neşir üçin jogapkärler: Kömek Kulyýew, Anna

Sous.

Suratçylar: Sülgün, Myrat, Annaguly Hojagulyýewler.

Bu kitapdaky maglumat "bolşy ýaly" esaslarda, kepilliksiz getirilýär. Bu iş taýýarlananda ähli seresaplyk çäreleri görlen hem bolsa, ne awtor(lar), ne «Enedilim.com» sahypasy bu işdäki informasiýa sebäpli çekilen göni ýa gytaklaýyn ýitgi ýa zelel üçin hiç bir adamyň ýa guramanyň öňünde jogapkärçilik çekmeýär.

PDF-a geçirildi: 15. Iýun 2013 «Enedilim. com» sahypasynyň kitaphanasy.


MAZMUNY



MÄTÄJI

(1824 – 1884)

Mätäji Aşgabadyň eteginde, gür baga bürenip oturan Köşi obajygynda dogulýar. Onuň kakasy Amanmuhammet, öz ady Annagylyç, lakamy Mätäjidir. Heniz ösdürimkä mekdebi tiz geçýär, soň öz-özünden okap ösýär. Nowaýy, Meşrep, Fuzuly onuň edebi mekdebi. Milli poeziýasy bilen ilki Ahaly, soň ülkäni aýdyma gark edýär. Özi sazyň muşdagy, dosty Hally bagşy onuň ähli şygyrlaryny aýdyjy we ýaýradyjy. Mätäji Eýranda ýesirlikde bolýar we soň Ahala dolanyp gelýär. Metäji, megerem, Baýly we Kätibi bilen dost, Dykma serdar, Nurberdi han, Gurbanmyrat işan bilen tanyş hem gatnaşykly. Onuň ömri tragediýadan doly: ýaşlykda söýgülisini aldyrýar, soň Eýranda ýesirlikde, soň Russiýa we Ahal tragediýasy döreýär. Ol hemişe öz söz sungaty bilen çykyş edýär. Mätäjiniň ogly Molladurdy, agtygy Myrat şahyrlyk sungatynyň şeýdasy. Mätäji şahyrlar dinastiýasynyň patriarhy. 

Mätäji saz bilen sözüň tebigi berikmesidir.


Tejen Nepesow