مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr
مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr

Elden gider

Elden gider

Namyradam, nädeýin men, namys-ar elden gider,

Nury-didäm, nukta hallar, zülpi tar elden gider;

Aýyp kylmaň, eý ýaranlar, namydar elden gider,

Gözlerimniň röwşeni, bikarar elden gider.


Serimni söwdaga salgan serwime arzym aýdaýyn,

Semender deý sargaryp, ataş şerabyn dadaýyn,

Dostlarym, deň-duşlarym duşman bolupdyr, nädeýin,

Şol sebäpden aglaýyr men näzli ýar elden gider.


Gözlerim görmez diýip göwnüme getirmedim,

Sagdyýu, Seýpelmelekniň yzyny ýitirmedim,

Sarnaýyp şamu-säherler, illeri ýatyrmadym,

Neýleýin, sabrym bilen hem karar elden gider.


Men oňa sadka bolaý hem dahy çopany, guly,

Agyr märeke era üm bilen düşir dili,

Onuň ysy müşki-anbar, istemes men her güli,

Engury, injiri, hurma, alma-nar elden gider.


Bezenip beýge çykanda, begleri berbat kylasy,

Saglary telbe kylyp, telbeler syçrap galasy,

Ele düşüp ekdi bolgan boz keýikniň balasy,

Awçylaryň awlagy ak maral elden gider.


Men bu gün matam tutup, Mätäji goýdum adyma,

Perwana dek pyrlanyp, peýker ýanadyr oduma,

Her zaman yhlas bilen ismi düşerdi ýadyma,

Aýralyga döze bilmen, zary-zar elden gider.


Türkmen şahyry: Mätäji مأتأجی