مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr
مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr

Gözel

Gözel

Gel, köňlümiz açylsyn, baga baraly, gözel,

Çyg düşen çemenleri ýygyp düýreli, gözel,

Ýokarsyndan aýylan, gaşy garaly, gözel,

Daşdan gören bir diýsin, golaý ýöräli, gözel,

Dünýä bäş gündür, öter, dowran süräli, gözel.


Bilgeşleýin gelip men meýhanadan içmäge,

Içensoň içe sygman, durdum depder açmaga,

Wähm eder men şu jandan, ganatym ýok uçmaga,

Ýa-ki at-ýarag bolsa, watan salyp gaçmaga,

Daşymyz duşman aldy, kaýda duraly, gözel.


Perhatdan bäri boldy şu daglaryň diligi,

Adyn äşgär eýlemiş – aşyklaryň gylygy,

Bizi betnam eýleme, birewläniň läligi,

Tokaýlaryň turajy, akar suwuň balygy,

Saýýat boldum yzyňda, çölüň maraly, gözel.


Islegenim sende bar, pakyr-bende dilegi,

Agzyň aby imesmi teşne köňlüm suwlagy,

Mahal-mahal ýörer sen görmän ýagy-ýowlagy,

Mämeleriň mazymy ýa Hytaýyň tüwlegi,

Ýalançy ýel dek öter, ysgap göräli, gözel.


Gähi-gähi sallanyp, ýörirsen biziň sary,

Elbet, durmaz ornunda gamgyn köňlüm karary,

Selbinýazym, sal bazar, satar sen alma-nary,

Diýmegil dagy kişä, Mätäji hyrydary,

Gadagyna müň tümen baha guraly, gözel.


Türkmen şahyry: Mätäji مأتأجی

نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد