مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr
مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr

Dilber

Dilber

Serim saňa sadaga, sallangyn bäri, dilber,

Göwsüň küwhi-Bulgurnyň, gümanym, gary, dilber,

Didaryňa muştak men, derdime däri, dilber,

Täze ýylyň nowruzy, pasly-bahary, dilber,

Täze açylgan nowgül sen, men hyrydary, dilber.


Danyşsak hylwat ýerde, dilleriň ne ajaýyp,

Zenehdana dökülgen telleriň ne ajaýyp,

Guçsam inçe biliňden, billeriň ne ajaýyp,

Ary kimin aýrylman, ballaryň ne ajaýyp,

Seniň mazaňny bermez bagyň engury, dilber.


Päkize ýer, per ýassyk salyngan jaý sendedir,

Perizada meňzeş sen, perişan muý sendedir,

Roýuň şeýle röwşenli, elbetde, aý sendedir,

Jellat deý janym algan ok bilen ýaý sendedir,

Gazap bilen gezediň kemany-tiri, dilber.


Hiç rehimiň gelmezmi men hastaga pylany,

Men teşnäni bir gandyr lebiň suwy biläni,

Gahryň harap eýleýir, salsam demir galany,

Jan kastyna saklap sen ýanyňda du ýylany,

Ýatyr dalyň ýassanyp, gaýanyň mary, dilberi.


Köýüňde köşki-eýwan salsam danyşarmu sen?

Set müň kenize soltan kylsam, danyşarmu sen?

Garyp kimin gaçgagyň bolsam, danyşarmu sen?

Ýedi ýyldan öwrülip gelsem, danyşarmu sen?

Akja bilen Senemiň mysaly biri, dilber.


Aşyklaryň adaty oýun bilen bazydyr,

Öýke-kine etseler, kereşmeýu-näzidir,

Bir-birewniň yzynda ölüp gitse razydyr,

Ger gülseň, gulagyma bilbiliň owazydyr,

Ýüz öwürmen, ýüz kişi çalsa dutary, dilber.


Aýdar men hana bir gün, bu arzymny bitirse,

Diýinçäm diňläp sözüm, gulak berip otursa,

Magşugymny beýewbar, birew bazar getirse,

Şol mähfel gurlan ýere möwlam bizi ýetirse,

Bolsa pulum müň harwar, goýman bir miri, dilber.


Günde görküň görmesem, bolar men däli-beňňi.

Agýar halky aýdarlar: «ol pylankes ýel-ýaňňy»,

Gyzlaryň gylyklysy, gelinleriň serheňňi,

Agzym arzuw eýleýir lagla manend dodaňňy,

Gara gözüm garaýyr dowam sen sary, dilber.


Boýnum burup delmursam, bir dilegim tutulmaz,

Herze-herze danyşsam, hiç günähim ötülmez,

Aýga manend aý peri, adyň äşgär edilmez,

Yklymyň halypasy, eliňden iş gutulmaz,

Meşhur etdiň äleme dürli hünäri, dilber.


Saýyllykda sataşdym, bu söwdaga men ýeser,

Serpilmedi serimden, deraz boldy derdeser,

«Elipge» med goýmaly, «dalga» zir, «nunga» ziber,

«Käbe» otur, «lam-säkin» ismiň alsalar habar,

Namyň diýip ýyglasam, eşitgil zary, dilber.


Alamylla adamyny alga salyp atsalar,

Märeke era meýdanda belli betnam etseler,

Birehneýi-ten kylyp, oýan-buýan iýtseler,

Mätäjini, beýewbar, Mansur kimin assalar,

Arzym budur: algaý sen, men günekäri, dilber.


Türkmen şahyry: Mätäji مأتأجی


نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد