مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr
مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr

Är dörär

Är dörär

Il azanda töre çykar pes ýerden,

Halk içinden bir bidöwlet är dörär;

Doňuz depä çykar, garsak gurt alar,

Kelpeseler heserlenip, mar dörär.


Gaplaň ýoldan çykar, tilki il gezer,

Pişik adam iýip, syçan ýol bozar,

Garga bilbil bolup, bagdan gül üzer,

Bilbiller gül tapmaz, tiken-har dörär.


Şagal şir balasy bilen iş salar,

Tilki şir awuny elinden alar,

Ak jeren torsukdan kän gaýra galar,

Halk içinde bir apaty-nar dörär.


Ýüregimde gam tohumyn ekmäge,

Kast ederler sabyr öýün ýykmaga,

Mätäji diýr, meni oda ýakmaga,

Annagül isimli ziba ýar dörär.


Türkmen şahyry: Mätäji مأتأجی


نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد