مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr
مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr

Gerekdir

Gerekdir

Ata çykan aňly bolsa her ýoldan,

Berimli, pähimli hany gerekdir;

Ýaranlar ýörise sagyndan-soldan,

Görogly beg kimin syny gerekdir.


Ýow ýolugyp, ýowuz myltyk atylsa,

Kimi ölüp, kimseleri tutulsa,

Gylyç syryp, bir-birewge gatylsa,

Jöwher kulah, demir dony gerekdir.


Meýdan era jeňňi-maglub gaýrylsa,

Agdarlyşyp, arap atlar maýrylsa,

Toç ýigitler ters söweşip aýrylsa,

Jyzasynda gyrmyz gany gerekdir.


Är bolajak ar üstünde çapylsa,

Wadasynda-ykrarynda tapylsa,

Gähi-gähi däri-derman sepilse,

Bedeninde tyg nyşany gerekdir.


At gerek gaçmaga, kowsa ýetmäge,

Garylyp ganyma zeper etmäge,

Märekede diýen sözi bitmäge

Etrapynda ýeňi-ýany gerekdir.


Ýigrimä, otuza ýetende saly,

Serpilmez serinden sed müň hyýaly,

Meger bolaý diýse Hatam Taý ýaly,

Egsilmeýän genji-käni gerekdir.


Habar ber, Jemşid-u Şabähram kany?

Olary ýuwdandyr ýalançy-pany,

Jahanda jem bolsa maslahat güni,

Danyşanda hoş zybany gerekdir.


Han ýanynda ekram bilen otursa,

Gelgeninde halat-serpaý getirse,

Ýalançyny abraý birle ötürse,

Ahyretde nur-imany gerekdir.


Gözüň ýumup girseň umman düýbüne,

Ýagşy ýigit meňzär rahmet ýabyna,

Mätäji diýr, myhman gelse babyna,

Är daýaly, ak juwany gerekdir.


Türkmen şahyry: Mätäji مأتأجی


نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد