مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr
مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr

Onda bar

Onda bar

Ýaşyl öwsüp ala dagyň degresi,

Aýlanyp çykmaly ýollar onda bar:

Geýinip çykarlar mahmal, begresi,

Şeýle şahandazly iller onda bar.


Gaýalary ýalkym atar her çende,

Ýakymly şemallar öwser her günde,

Atylan ok ýaly barar her kanda,

Çaparman, gyl boýun mallar onda bar.


Dag başyndan şaglap geler çeşmesi,

Görmedige kyndyr münüp-düşmesi,

Ýakyn geldi miwelerniň bişmesi,

Her elde zerewşan güller onda bar.


Söze gulak salyň eý ýary-ýaran,

Aman-esen bolsun bizleri soran,

Bulutlar joş urup, köp ýagsa baran,

Daga-daşa uran siller onda bar.


Özüniň islegi-göwnüne ýeten,

Täze dogan aý dek sallanyp öten,

Mätäji aglady ýat edip watan,

Uzyn boýly inçe biller onda bar.


Türkmen şahyry: Mätäji مأتأجی

نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد