مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr
مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr

Hoş olsun

Hoş olsun

Ýa ýaradan, bir dilegim bar senden,

Mustajap et dogam, wagtym hoş olsun.

Istedigim hüýr gylykly ýar senden,

Badam gabak bilen gyýma gaş olsun.


Saçy sala gulaç, garynja billi,

Jamasy päkize, zülpi saýhally,

Daýaly, edepli hem süýji dilli,

Lebi ýaraşykly, hünji diş olsun.


Oglanlykdan ýaňy saýlanan gözel,

Aklyna, huşuna aýlanan gözel,

Tende ter mämesi taýlanan gözel,

Ökjesi kiçiräk, ýumry döş olsun.


Aşyga lazymdyr any istemek,

Meňzi päkize olsun, özi al ýaňak,

Eswetil-aýn, sefit beden, ak damak,

Gollary hunärli, dürli piş olsun.


Mätäjiniň arzuw eýläp ýeteni,

Gözeller içinde saýlap tutany,

Ýene bolsun adyň Soltan gatany,

Ogulhally bilen köwmy-hyş olsun.


Türkmen şahyry: Mätäji مأتأجی

نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد