مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr
مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr

Menek-menek hallara

Menek-menek hallara

Näzli gelin, bir bäriňi gözlegil,

Guwanaýyn menek-menek hallara;

Ak göwsüňde alma-nary gizlegil,

Bildirmesin barganyňda ýellere.


Kä daşyma märäkeler üýşürdim,

Gähi mes dek akyl-huşum çaşyrdym,

Ýaşlygymdan her dükana baş urdum,

Irgezinden düşdüm şeýle ýollara.


Ger arzuw eýleseň, umman ýabyny,

Göz ýummasaň, görüp bolmaz düýbüni,

Men bolsaýdym Mazanderan çybyny,

Ölsem arman imes gonup ballara.


«Bi» bilen «I» bir astyna petaly,

Ýene «käp» kelama üstün bitäli,

Mätäji diýr, okyp ismiň tutaly,

Ýogsa äşgär alabilmen dillere.


Türkmen şahyry: Mätäji مأتأجی

نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد