مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr
مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr

Mämeleriň

Mämeleriň

Sebäp bilen dahyl oldy güzerim,

Aklym haýran etdi şol mämeleriň.

Namyradam, neteý düşdi nazarym,

Üsti altyn-kümüş, pul mämeleriň.


Men Mejnunam, Leýli saçyň barmydyr,

Jan kastyna owsun uran marmydyr,

Bilmen pudakdaky goşa narmydyr,

Bir-birine ogşar ol mämeleriň.


Bir eser ýetişdi, düşdüm düzlere,

Mübärek jemalyň ildi gözlere,

Serim sadka bolsun dilber, sizlere,

Şu mahal bazara sal mämeleriň.


Gel indi olturyp*, golumny kesgin,

Birew dahl eýlese, öldürgin, asgyn,

Ýüz gula azatlyk möhrüni basgyn,

Ujundan müň çory al mämeleriň.


Sen abat eýleseň köňlüm saraýyn,

Ak otagda alma bile uraýyn,

Dürli-dürli halat-serpaý bereýin,

Ýene kemi bolsa al mämeleriň.


Näzli dilber, eger barsam kendiňe,

Bişek elim ýeter tylla bendiňe,

Aman-nurbat tarhan eýle gandyňa,

Şekerden şirindir bil, mämeleriň.


Gözümniň röwşeni, serimniň täji,

Göwün kerweninden alar sen pajy,

Dünýä lezzetiniň baryndan süýji,

Tagamly, lezzetli bal mämeleriň.


Men Seýpelmelek men, sen onuň ýary,

Belli ýaňra kyldy bu yşkyň zory,

Indi istemes men şeýle mydary

Ýetmese bir ýandan el mämeleriň.


Bilbil hyruç edip çekende, nala,

Mätäjini salar sed müň hyýala,

Ýaňagyň ýaz güni açylan läle,

Mysaly melewşe gül mämeleriň.


* «Öldürip» — diýen nusgasy hem bar.


Türkmen şahyry: Mätäji مأتأجی

نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد