مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr
مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr

Yrakda durma

Yrakda durma

Näzli dilber, bir dilegim bar saňa,

Aýdaýyn arzymny, yrakda durma,

Niçe wagtdan bäri boldum zar saňa,

Köýüňde köýüp men, köňlümni burma.


Aşyk owal çeker jebri-jepany,

Ahyrynda görer mähri-wepany,

Gutarmagyl gelgen zowky-sapany,

Bikar gezip, ömrüň ýele sowurma.


Arzuw eýlär eşdip, görmedik adam,

Sen Şiringe manend, men hem Perhadam,

Müjgäniň hanjardyr, gabagyň badam,

Zybanyň şerbetdir, lebleriň hurma.


Görsem gül ýüzüňni, köňlüm hoş bolur,

Ýatganymda, ýar, jemalyň düýş bolur,

Diýsem bimekana, ile paş bolur,

Her ýeter-ýetmeze syryňny berme.


Gara saçyň gara dagyň şamary,

Şol sebäpden boldum yşkyň bimary,

Säher türup ber özüňe timary,

Gola hyna ýakyp, gözlere sürme.


Bende bolan beg tutanda bir hany,

Eýlemezmi ilatynyň tarhany,

Men bolup men şeýle ýoluň porhany,

Perwana dek jismim ýakyp – gowurma.


Gör sözlesem, rakyplara taň bolur,

Sözlemesem, gaýta işim kyn bolur,

Ýalançyda ýagşy-ýaman kän bolur,

Goja Mätäjini goluňdan berme.


Türkmen şahyry: Mätäji مأتأجی

نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد