مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr
مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr

Meňzär bagyň gülüne

Meňzär bagyň gülüne

Byradarlar, bu gün bir gözel gördüm,

Zenehdany meňzär bagyň gülüne.

Görgejin köp boldy ah bilen derdim,

Aralaşdym aşyklaryň ýoluna.


Gümanymdyr bag Eremniň perisi,

Aýdylmaz waspynyň müňden birisi,

Eý ýaranlar, sözlerimniň dürüsi,

Haýyp güftar olmaz, şirin diline.


Sagd-u, Seýpelmelek deňizde akar,

Aşyk Perhat ala daglarny ýykar,

Leýli diýip Mejnun meýdana çykar,

Rowan boldum şolar gezen çölüne.


Ýa bilmen howanyň älem goşasy,

Şasenemiň çekilendir nişesi,

Men bolsaýdym Mazanderan peşesi,

Ölsem arman imes gonup balyna.


Görünmez gözüme belentler, pesler,

Zerre aýyp ýokdur, – tapylmaz kösler,

Başym oňa gurban, eşidiň dostlar,

Malym sadka bolsun şeýle geline.


«Elip» med, «dal» astyn, «nuna» howala,

«Käbe» otur bolar, «lamdan» soň läle,

Metäji diýr, ismi ýeter kemala,

Kätip ýazar galam alyp goluna.


Türkmen şahyry: Mätäji مأتأجی


نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد