مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr
مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr

Mährim alan ýar

Mährim alan ýar

Niçe ýyldan bäri çekdim jepaňy,

Oglanlykda sensiň mährim alan ýar,

Anjaýyn görmedim ähdi-wepaňy,

Bir wesile bilen ýagy bolan ýar.


Görsem, gamzaň bilen janym ýakar sen,

Göwün hyşdyn azdan-azdan ýykar sen,

Binurbat sen gazap, ganym döker sen,

Synam üzre tygsyz ýara salan ýar.


Mahal-mahal hyruç edip özüňden,

Janym heder eder ala gözüňden,

Süýeklerim lerzan urar sözüňden,

Jismimiň şährine talaň salan ýar.


Aşyk bolan magşuk raýyny ýykmaz,

Senden özge kişi näzimi çekmez,

Ölse Mätäjiden ikilik çykmaz,

Tapylmaz sözümde zerra ýalan, ýar.


Türkmen şahyry: Mätäji مأتأجی

نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد