مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr
مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr

Aýdyşyk

Aýdyşyk

Aman han:

Arap aty aran ýigit,

Dogry gelgin, dogry gelgin;

Jezirede duran ýigit,

Dogry gelgin, dogry gelgin.


Söýeg batyr:

Kadyr allany çagyryp,

Ýalňyz düşdüm düze bu gün;

Meger kellämi alsaňyz,

Nurbat diýmen, size bu gün.


Aman han:

Aldyňdan gaýa daýalar,

Ýeňsäňden naýza söýeler,

Paltaryň gana boýalar,

Dogry gelgin, dogry gelgin.


Söýeg batyr:

Ýow güni ýoldaş ýoklanar,

Duşman ýoly berk saklanar,

Müň garga bir daş oklanar,

Taý geler men ýüze bu gün.


Aman han:

Ýigit gerek her bap, her bap,

Egniňe geýeniň zerbap,

Sen ýatmagyl toprak garbap,

Dogry gelgin, dogry gelgin.


Söýeg batyr:

Owwal az berilse ýaşym, —

Ýasym tutar deňim-duşum,

Meýdanda serilse läşim,

«Aman!» diýmen size bu gün.


Aman han:

Şagallara şam eder men,

Aç gurtlara iým eder men,

Ýigit, ähtimam eder men,

Dogry gelgin, dogry gelgin.


Söýeg batyr:

Aç böri dek awum awlap,

Çar tarapa göwün çawlap,

Her biriň bir demde kowlap,

Segreder men düze bu gün.


Aman han:

Dünýäde «men» diýen kändir,

Ýigitlerim sanma-sandyr,

Meniň adym Aman handyr,

Dogry gelgin, dogry gelgin.


Mätäji tarypyn ýetir,

Ýekme-ek meýdana getir,

Bize diýrler Söýeg batyr,

Gan dolandyr göze bu gün.


Türkmen şahyry: Mätäji مأتأجی

نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد