مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr
مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr

Bähm eder

Bähm eder

Tohumny topraga garsaň,

Özünden kän bähm eder;

Munda degerne mal berseň,

Birine on bähim eder.


Mesgeniň bolsa her ýerde,

Işiň düşmesin namarda,

Eger sataşsaň jomarda,

Aş bilen nan bähm eder.


Dogar, batar günler, aýlar,

Gury ýerde ajap jaýlar,

Nije halal iýen baýlar

Haýry-yhsan bähim eder.


Nämährem sary baksa göz,

Magşarda bolar gara ýüz,

Dogry gelene ajy söz,

Bir natuwan bähim eder.


Kimi diýseň rindi adam,

Misi kylar nukraga zam,

Ýaman bilen bolsaň hemdem,

Külli nuksan bähim eder.


Säherler tisginip gopsaň,

Ýa mümüniň aýbyn ýapsaň,

Ir gözinden eýäň tapsaň,

Nury-iman bähm eder.


Her kişi bir yşga düşse,

Ýar-ýar diýip, ýanyp-bişse,

Mätäji diýr, agzyn açsa,

Ümür-duman bähim eder.


Türkmen şahyry: Mätäji مأتأجی


نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد