مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr
مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr

Ýol biläni

Ýol biläni

Eýesini tapar bir gün,

Dogry giden ýol biläni;

Jany — dil bilen ýapyşsa,

Aglap kyly-kal biläni.


Hyruç edip, öýden ýörse.

Nebs uzalar, dag erise,

Çyn muhannes duşman görse, —

Içi dolar ýel biläni.


Sözlese aňdyr nedamyndan,

Kinesi çykmaz damyndan,

Gaç, garry duşman ýanyndan,

Tora salar al biläni.


Mätäji bir dessan düzer,

Egri azar, dogry ozar,

Jeren bedýan çölde gezer,

Bilbil aşyk gül biläni.


Türkmen şahyry: Mätäji مأتأجی


نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد