مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr
مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr

Diýmek olmaz

Diýmek olmaz

Eý ýaranlar, halaýyklar,

Diýmek olmaz, diýmek olmaz;

Özi bilmez näkes bile

Duz bile nan iýmek olmaz.


Görüň ýigidiň özüni,

Bihuda sözler sözüni,

Almawer näkes gyzyny,

Her çoryny söýmek olmaz.


Bal diýen — bal ýerin tutmaz,

Her kim öz kössün unutmaz,

Her tikende bir gül bitmez,

Her kesi beg saýmak olmaz.


Mätäji diýr, syrdaş gerek,

Bäş gün ýagşy ýoldaş gerek,

Ganly günde gardaş gerek,

Biganadan kömek olmaz.


Türkmen şahyry: Mätäji مأتأجی

نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد