مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr
مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr

Har bolsa

Har bolsa

Ribahora boýun eger

Dünýäde ýigit har bolsa:

Başyna müň pikir ýagar.

Garyp düşüp, borçdar bolsa.


Eger zybandan dür saçar,

Duşman dürli aýbyn açar,

Deň-duşy görünmez, gaçar,

Aş bilen suwga zar bolsa.


Är ýagşysy arza geler,

Hyzmatynda ýüwrüp-eler,

Begzadalar bende bolar,

Golunda närse bar bolsa.


Ýas ýerinde kimse güler,

Özüni masgara kylar,

Hynazyrlar watan salar,

Jeňňel içinde şir bolsa.


Eý byradar, aýma ýalan,

Ondan ýegdir diri ölen,

Jeň eýleme jahyl bilen,

Saç bilen sakal gyr bolsa.


Mülküň bolsa Hywa, Buhar,

Ýene sed müň şäher-şäher,

Wehim kylgyn şamu-säher,

Duşmanyň peşe, mur bolsa.


Ädeňsoň altmyş ýaşyňa,

Aglagyl eden işiňe,

Paşmagny göter başyňa, —

Mätäji, güýçli pir bolsa.


Türkmen şahyry: Mätäji مأتأجی

نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد