مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr
مأتأجی Mätäji

مأتأجی Mätäji

Türkmen edebiýatynyň taryhynda uly yz galdyran şahyrlaryň biri-de Mätäjidir. Annagylyç onuň çyn ady bolup, Mätäji edebi lakamydyr

Getirer

Getirer

Goýun bolsa uşak malyň,

Bahar, güýzde ýüň getirer;

Ýagşy baksaň, ýagşy malyň,

Peýdasyna deň getirer.


Azandyr işan-hojasy,

Gyzyny azdyr ejesi,

Ýanna birniçesi barsaň,

Hiç geplemez, güň getirer.


Ýanaşmagyn dek otura,

Duşarsyň bela-betere,

Gyz berseň bozuk hatara,

Obasyna jeň getirer.


Aýak ile baş bolanda,

Akyllylar ýaş bolanda,

Iki azan duş bolanda,

Buz üstünde çaň getirer.


Mätäji, gez öwüt bile,

Abraý alawer at bile,

Bagşylar ýüpek, tut bile

Bilbil ýaly heň getirer.


Türkmen şahyry: Mätäji مأتأجی


نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد